Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň işgärleri bilen bilelikde guramagynda tertip-düzgüni berjaý etmek, maşgala mukaddesligi, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak, hukuk düşünjeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi.
Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzda halkymyzyň saglygy hakynda edilýän aladalar bimöçberdir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň saglyk merkezleri, ylmy-kliniki hassahanalary, saglyk öýleri, şypahanalary döwletimizde adam saglygy hakyndaky aladanyň ilkinji orunda durýandygyny alamatlandyryp, halkymyza ýokary derejeli hyzmatlaryň giň toplumynyň hödürlenýändigini, döwletimizde aýal-gyzlara goýulýan hormat-sarpanyň belentdigi barada çykyş edenler ýene bir gezek belläp geçdiler.Duşuşyga gatnaşanlaryň her biri halkymyzyň sagdyn durmuşda ýaşamagy, zähmet çekmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyş sözlerini aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Sagdyn durmuş ýörelgesini …