Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işler bölümi “Sagdyn jemgyýet-kuwwatly döwlet” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler eziz Diýarymyz dünýäde sagdynlygyň we parahatçylygyň mekany hökmünde tanalýar.Sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagy üçin giň mümkinçilikler döredilip,bedebterbiýe we sport ýokary derejede ösdürilýär. Gahryman Arkadagymyzyň ynsan saglygyny goramak we sagdyn durmuşy üpjün etmek ugrundaky beýik başlangyjy hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda mynasyp dowam edýär. Saglyk diňe her bir adam üçin däl,eýsem tutuş jemgyýet üçin uly gymmatlykdyr,çünki ol beden taýdan sagdynlygyň we güýç-kuwwatyň, zähmet hem-de döredijilik işjeňliginiň, abadan durmuşyň gözbaşydyr. Durmuşda saglykdan gymmat zat ýok. Ömrüň sapaly günlere beslenmegi,ýaşaýşyň ýakymly pursatlara eýlenmegi janyň saglygy bilen berk baglanşyklydyr diýip nygtadylar.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny,bedenterbiýäni we sporty ösdürip,dünýä derejeli sport döwleti hökmünde ata Watanmyzyň halkara abraýyny belende göterýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Sagdyn jemgyýet-kuwwatly döwlet” …