“Sagdyn nesil-sagdyn jemgyýet” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi

Image description

“Sagdyn nesil-sagdyn jemgyýet” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri bölümi “Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni” mynasybetli “Sagdyn nesil-sagdyn jemgyýet” atly wagyz-nesihat çäresini gurnady. ”Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde geçirilen çärede saglyk öýüniň lukmanlary, Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet Lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy we kitaphana işgärleri gatnaşyp, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda döwletiň iň uly baýlygy bolan adamlaryň saglygyny goramakda, saglygy goraýyş ulgamyny hil taýdan täze derejelere çykarmakda uly tagallalaryň edilýändigi hakynda buýsanç bilen belläp geçdiler. Mundan başga-da Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda gurlup ulanylmana berilýän döwrebap hassahanalaryň, sagaldyş we dikeldiş merkezleriniň, şypahanalaryň we sport desgalarynyň adam üçin täsiriniň ulydygyny belläp geçdiler. Kitaphanada gurnalan saglygy goraýyşda ýetilen sepgitleri aýdyň açyp görkezýän kitap sergisi bolsa çärä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Wagyz-nesihat çäresiniň ahyrynda oňa gatnaşanlar halkymyzyň abadan, bagtyýar durmuşy ugrunda ýadawsyz aladalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Sagdyn nesil-sagdyn jemgyýet” …

Metbugat gullugy