Sagdyn ýörelgeler – ösen jemgyýetiň bezegi.
Eziz Watanymyzda her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni giňden bellenilýär. Şeýle çäreler mynasybetli ”Miras” teleýaýlymy Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölüminiň kitaphanaçysy bilen “Sagdyn ýörelgeler – ösen jemgyýetiň bezegi” ady bilen gürrüňdeşlik ýazgy edildi. Halkymyzyň saglygy we abadançylygy barada alada, köpçülikleýin bedenterbiýe sagaldyş hem-de sport hereketlerini höweslendirmek Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ata Watanymyzda ýaş nesillerimiziň sagdynlygyna, sagdyn durmuş endiklerine eýermeklerine hem möhüm orun degişlidir. Jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerniň berkidilmegi, çagalaryň we ýaşlaryň köpçülikleýin bedenterbiýä, sportuň dürli görnüşlere çekilmegi wajyp şert bolup durýar. Häzirki wagtda biziň ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak ileri tutulýan ugurlaryň biridir. Ine şular dogrusynda şäherimiziň ajaýyp seýilgähinde täsirli gürrüň edildi. Ýaş nesillere görelde bolup, jemgyýetde köpçülikleýin sportyň giňden ornaşmagy, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ýaýbaňlanmagy ugrunda uly tagallalary edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri hemişe üstünliklere beslensin!
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Sagdyn ýörelgeler – …