Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi “Sagdynlyk, sport – bagtyýarlygyň gözbaşydyr” atly söhbetdeşlik geçirdi.
Söhbetdeşlikde çykyş edenler Berkarar Döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň sagdyn we abadan ýaşamagy ugrunda çäksiz aladalary, saglygy goraýyş ulgamynyň ösüşleri, ýurdumyzyň şäherlerinde , welaýatlarynda, obalarynda şypahanalarynda, sagaldyş-dynç alyş merkezlerinde saglyk üçin peýdaly amatlyklary döredilendigi barada beýan etmek bilen, halkymyzyň jan saglygyny berkitmekde, sagdyn nesli kemala getirmekde, ýaşlaryň boş wagtlaryny peýdaly işe sarp etmekde ähmiýetiniň uludygyny giňden belläp geçdiler.Şeýle-de “Türkmenistan- sagdynlygyň we bagtyýarlygyň ýurdy” atly kitabyndan sportuň görnüşleri we olaryň ynsan saglygyna edýän täsiri barada okap berdiler.
Söhbetdeşlige gatnaşanlar halkymyza bagtyýar durmuşy peşgeş edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Sagdynlyk, sport – …