Şahyr “Gara Seýitliýewiň” ömri we döredijiligi hakynda ýazgy edildi

Image description

Şahyr “Gara Seýitliýewiň” ömri we döredijiligi hakynda ýazgy edildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Ýaşlyk” teleýaýlymynyň “Edebiýat hakynda söhbet” atly gepleşigi tarapyndan halypa kitaphanaçylar bilen şahyr, “Gara Seýitliýewiň“ ömri we döredijiligi hakynda ýazgy edildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýazyjy-şahyrlarymyzyň sarpasy belentden tutulýar. Döwlet kitaphanasynda hem okyjylaryň we talyp ýaşlaryň arasynda ýazyjylaryň, şahyrlaryň we alymlaryň döredijiligi hakynda söhbetdeşlikler, edebiýat we döredijilik agşamlary yzygiderli geçirilýär, olara bagyşlanan kitap sergileri gurnalýar. Bu bolsa ösüp gelýän ýaş nesliň edebiýat äleminiň ussatlaryny giňden tanamaga mümkinçilik berýär. Edebi mirasymyzy öwrenmek işini düýpli ýola goýmaga giň mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Şahyr “Gara Seýitliýewiň” …

Metbugat gullugy