Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminiň guramagynda 75-nji çagalar bagynda “Şamçyrag bar dowamata nesilleriň ýüreginde” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Çagalar bagynda körpelere dünýä dilleridäki “Türkmen halk ertekileriniň” birnäçe görnüşleri bilen tanyşdyrylyp çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna garamazdan özleriniň gyzyklanýan sowallary hakynda sorag-jogap alşyldy. Şeýle hem kitaplaryň dünýä dillerinde neşir edilen nusgalary has-da gyzyklanma döredip, ählisiniň ünsüni çekmegi başardy. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň dünýä tejribesine gabat gelýän mümkinçilikler bilen üpjün edilmegi çagalaryň dünýägaraýyşynyň ösmegine daş-töwerege bolan söýgüsini has-da ýokarlandyrýar.
Bagtyýar çagalarmyzyň Watana wepaly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly aladalar edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň şeýle hem hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak il-ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Şamçyrag bar dowamata …