Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi “Saňa ýaran boldy ajaýyp zaman, Bitarap döwletim – Türkmenistanym!” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz batly gadamlar bilen ynamly öňe barýar. Hormatly Prezidentimiziň şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň uly toýa beslenmeginiň, 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagynyň çuň hem düýpli taryhy kökleri bar. Taryha giren 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesiniň resmi taýdan ykrar edilen günüdir. Bu bolsa parahatçylygyň şygar edilip dabaralanýan ýylynda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda syýasy, ykdysady, medeni gatnaşyklarymyzyň mundan beýläk-de ýokary derejelere galjakdygyna, türkmen halkynyň halkara abraýynyň artjakdygyna, ýurdumyzyň bütin dünýäde parahatçylygy öňe sürýän başlangyçlarynyň rowaçlyklara beslenjekdigine ynamymyzy berkidýär.
Her bir ulgamda bolşy ýaly, medeniýet-sungat ugurlarynda hem, täze badalgalar amala aşyrylýar. Döwrümiziň altyn taryhyny öz sahypalarynda saklaýan ruhy we maddy hazynamyz bolan kitaphana ulgamynda alnyp barylýan işler bolsa, munuň aýdyň şaýadydyr.
Söhbetdeşligiň dowamynda hem çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan Bitaraplyk syýasatynyň halkara derejesinde ykrar edilýänligi, döwletimizde kitaphana ulgamynyň işiniň kämilleşdirilýänligi dogrusynda gyzykly gürrüňler edildi.
Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Saňa ýaran boldy …