Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli alnyp barylýan işler dogrusynda ýazgy edildi

Image description

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli alnyp barylýan işler dogrusynda ýazgy edildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň kitaphana işgärleri “Altyn asyr: Türkmenistan” teleýaýlymy bilen bilelikde “Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy mynasybetli alnyp barylýan işler” dogrusynda ýazgy etdiler. Hünärmenler öz çykyşlarynda:  “Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda her bir günümiziň täze ösüşlere, beýik ýeňişlere beslenip gelýändigini bellemek bilen, ýurdumyzda uludan toýlanjak dabaralar mynasybetli halkara derejesinde geçiriljek çäreler dogrusynda söhbet etdiler. Şeýle hem Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň dabaraly ýagdaýda geçiriljekdigi dogrusynda söhbet etdiler. Çykyş edenler söhbetleriniň soňunda Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy we ähli türkmen halkyny şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýy bilen gutladylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Şanly Garaşsyzlygymyzyň 35 …

Metbugat gullugy