“Şanly Garaşsyzlyk-baky ýolumyz,Ýollarmyzda Garaşsyzlyk ýalkymy”ady bilen baýramçylyk dabarasy.

Image description

Baýramçylyk dabarasynda çykyş edenler,şanly Garaşsyzlygymyzyň geçen 34-ýylynyň içinde eziz Watanymyzyň ähli ugurlardaky ösüşleri,onyň ýeten asyrlara barabar netijeleri,Garaşsyzlyk ýyllarynda biziň,milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň biziň ykdysadyýetimiz bilen deň derejede ösüşleri hakynda giňişleýin söhbet etdiler.Garaşsyzlyk biziň rowaçlygymyzyň,bagtyýarlygymyzyň özeni.Garaşsyzlyk-kalba joşgun,göwne ganat, durmuşyňa gudrat berýän jadyly söz.Döwletimiziň her bir raýaty,her bir pudagy bu mukaddes sözden-düşünjeden güýç alýar,ylham alýar diýmek bilen,dabara gatnaşýan döredijilik işgärleri Garaşsyzlyk hakyndaky goşgularyny okadylar.Dabaranyň çäklerinde “Garaşsyzly Nury her bir köňülde” ady bilen kitap sergisi guraldy. Soňra olar dabaranyň ahyrynda türkmen halkymyzyň Milli Lideri,Gahryman Arkadagymyzyň,Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak alyp barýan beýik işleriniň mundan-buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Metbugat gullugy