S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň halypa mugallymlary we talyplary gezelenje geldiler

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümine S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň halypa mugallymlary we talyplary gezelenje geldiler.

                  Olar bu ýerde kitaphana ýazylmaklygyň düzgünleri bilen tanyşdylar. Mundan başga-da, kitaphanadan peýdalanmaklygyň düzgünlerini öwrendiler. TDMM-niň Döwlet kitaphanasynda 17 bölüm hereket edýändigi we olaryň alyp barýan işleri barada hem gürrüň berildi.

                 Kitaphana gezelenje  gelen halypa mugallymlar we talyplar üçin bu ajaýyp kitaphanany görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp  bagtyýar durmuşda  ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli  beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

                                                                                                                                 14.11.2025 ý.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen …

Metbugat gullugy