“Senagatyň ösüşinde ulag logistikasynyň ähmiýeti”

Image description

Bu  kitap sergisinde Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan çykan eserleri, şeýle-de “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylymyza bagyşlanyp ýazylan täze edebiýatlar we senagatyň ösüşinde ulag logistika barada kitaplar giňişleýin kitap sergisinde ýerleşdirildi. Global transport logistikany ösdürmegiň we kämilleşdirmegiň häzirki zaman serişdeleri logistikany, logistika dolandyryşyny, aýratyn-da, senagat harytlaryny çalt we ýokary hilli eltmek üçin hyzmatlaryň ähli görnüşlerini öz içine alýar. Önümçiligiň köp ugurly artmagy ulag logistikasy ulgamy arkaly harytlaryň beýleki ýurtlara geçirmegini getirýär. Dünýä bazarlarynda söwda işjeňligini ýokary tizligini ulaglaryň ulanylyşyna baglylygy barada gürrüň edildi. Sergä gatnaşan talyp ýaşlar  Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza ata Watanymyzyň gülläp ösmegi, türkmen halkynyň abadan, asuda we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amala aşyrýan ägirt uly işleri üçin çäksiz hoşallyklaryny bildirdiler. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Senagatyň ösüşinde ulag …

Metbugat gullugy