Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Kitap ynsanyň dosty ” atly kitap sergi gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Kitap ynsanyň dosty ”atly     kitap sergi gurnaldy.

    Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe  2025-nji ýylda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly”  diýip atlandyrylýan ýylymyzda  Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda gymmatly edebi mirasyny öwrenmeklige uly mümkinçilikler döredilýär. Bu günki günde ösüp gelýän ýaş nesillere taryhymyzy- edebi mirasymyzy öwrenmäge ähli şertler döredilýär. Döwlet kitaphanasynyň  Seýrek neşirler bölümi tarapyndan  bölümiň okalga zalynda  “Kitap ynsanyň dosty  atly kitap sergisi gurnaldy. Sergide Seýrek neşirler bölüminiň gaznasynda bar bolan gadymy we täze gelen kitaplaryň sergisi gurnaldy. Ýurdumyzda edebi mirasy öwrenmek işini düýpli ýola goýmak bilen, halkymyza asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döretdi.

 Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.  

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Seýrek neşirler bölümi …

Metbugat gullugy