Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Milli däp-dessurlarymyz asylly ýörelgämiz”atly kitap sergisi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Milli däp-dessurlarymyz asylly ýörelgämiz”atly kitap sergisi gurnaldy.

 

          Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe  Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi bilen Parahatçylygyň bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy äleme dolan ýurdumyzda her ýyly özboluşly, halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine  laýyk, döwrebap şygyr bilen atlandyrmak indi  asylly däbe öwrüldi. Şunuň  bilen baglylykda bu günki günde ösüp gelýän ýaş nesillere edebi mirasymyzy öwrenmäge ähli şertler döredilýär. Şol mynasybetli  Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda “Milli däp-dessurlarymyz asylly ýörelgämiz” atly kitap sergi gurnaldy. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe  uly gadyr goýup, oňa aýratyn ähmiýet berip gelipdir.  Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

 

  

                                                                                                                                  19.11.2025 ý.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Seýrek neşirler bölümi …

Metbugat gullugy