Seýrek neşirler bölümiň okalga zalynda “Türkmen buýsanjy- Dana Pyragy ”- atly kitap sergisi.

Image description

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip atlandyrlan ýylymyzda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň  Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda bölümiň işgärleriniň gatnaşmaklarynda  “Türkmen buýsanjy- Dana Pyragy ”- atly kitap sergisi gurnaldy we sergä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy. Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan “Türkmen Paýhasynyň synmaz sütüni” atly ajaýyp kitapda: – Matymguly türkmen edebiýatynyň, türkmen halkynyň taryhynda öçmejek yz galdyran äleme belli beýik şahsyýetdir. Muny Alym Arkadagymyzyň: “Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik akaldar ogly Matymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar” diýen pähim-paýhasa ýugurlan sözleri-de tassyklaýar– diýip, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine uly baha berilýär.

     Türkmen  halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe  uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň  Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Seýrek neşirler bölümiň …

Metbugat gullugy