Seýrek neşirler we Biblografiýa bölümleri bilen bilelikde, Kitap - geljegi, geçmişi, şu güni baglaýan köpri –atly Kitaphana syny.

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler we Biblografiýa bölümleri bilen bilelikde, “Beýik Serdaryň ruhubelent nesilleri” çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde “Kitap - geljegi, geçmişi, şu güni baglaýan köpri” ady bilen kitaphana syny geçirildi Ýurdymyzda ösüp gelýän ýaş nesillermiziň ylymly-bilimli bolmaklary üçin uly aladalar edilýär. Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ajaýyp kitaby  “Ýaşlar Watanyň daýançy” atky kitabynyň “Ýaşlar bilim ulgamynda”- atly bölüminde  ylym-bilim  barada  şeýle diýär.

Bilim arkaly beýik geljek gurulýar. Hut şonuň üçin hem biz Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanda bilim ulgamyny kämilleşdirmäge we ösdürmäge döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde garaýarys. Bilim ulgamynda öňde goýan maksatlarymyza ýetmek üçin bu ulgamy toplumlaýyn kämilleşdirmegiň çäginde dünýäniň ösen döwletleri, öňdebaryjy ylym-bilim merkezleri, iri abraýly halkara guramalary we olaryň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny işjeňleşdirýäris diýip belläp geçýär.

Kitaphana synyň çäginde çagalaryň dünýägarayşlary artdyrmak maksady üçin ýörüte  sorag-jogaply bäsleşigi gurnaldy. Olary  toparlara bölüp  “Aý” we “Gün” toparlara bölüp, gyzykly, çekeleşikli bäsleşik gurnady. Bäsleşikde ýenji bolan toparlara sowgatlar gowşyryldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler we Biblografiýa bölüminiň hünärmenleriniň gatnaşmagynda Kitaphana synyny geçirip, ösüp gelýän ýaş nesilleriň kitaba bolan islegleriniň has-da artmagyna uly täsir etdi. “Türkmen - sporty “ teleýaýlymy arkaly ýazgy edildi.

Çäräniň dowamynda ýaş nesliň bagtyýar durmuşy barada taýsyz tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Seýrek neşirler we …

Metbugat gullugy