“Siz Watanyň şu güni hem ertiri, Ýurdumyň bagtyýar ogul-gyzlary”

Image description

“Siz Watanyň şu güni hem ertiri, Ýurdumyň bagtyýar ogul-gyzlary”

 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallasy bilen çagalar bagynda terbiýelenýän çagajyklardan başlap,ýaş nesliň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmaklygy ,olaryň watansöýüji, ene-atasyna wepaly bolup ýetişmekleri ugrunda kitaphanalarda hem köp işler alnyp barylýar. Hut şu nukdaýnazardan ugur alyp, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Medeni köpçülik işleri  bölüminiň  işgärleri hem Aşgabat şäherinde ýerleşýän 165-nji çagalar bakja - bagynda “Siz Watanyň şu güni hem ertiri, Ýurdumyň bagtyýar ogul-gyzlary” ady bilen körpejeleriň arasynda çagalar üçin niýetlenen  ertekilerden çeper okaýyş   we  neşir önümlerinden kitap sergisini gurnadylar. Kitaphana işgärleri türkmen halk ertekilerinden birnäçesini körpejelere okap berdiler we olardaky gahrymanlaryň edermençiligi hakynda gürrüň etdiler. Körpeleriň arasynda sergilenen “Türkmen halk ertekileri” ýerleşdirilen kitaplar bolsa körpejeleriň ünsüni has-da özüne çekdi. Parahat ýurdumyzda gelejegimiz bolan ýaş nesliň ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri ugrunda ägirt uly işleri edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri  uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Siz Watanyň şu …

Metbugat gullugy