Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1001 harby bölümi bilelikde Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli “Şöhrat bolsun Watan goran Gahrymanlara” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi.
“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” ýylymyzda Beýik Ýeňşiň 81 ýyllygy mynasybetli Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler we Neşirleri abatlamak we jiltlemek bölümleriniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1001 harby bölüminde ''Şöhrat bolsun Watan goran Gahrymanlara” ady bilen aýdym-sazly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Baýramçylyk dabarasyna weteranlar hem-de harby esgerler gatnaşdylar. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan “Mertler Watany beýgeldýär“ atly ajaýyp kitabynda şeýle belleýär:
Adatça mertler watany beýgeldýär, Watan bolsa mertleri beýgeldýändir. Topraga–özen-örkümize tagzymymyz Watanymyzda, eziz Türkmenistanymyzdadyr.
Watan biziň buýsançly geçmişimizdir !
Watan biziň buýsançly şu günümizdir !
Watan biziň buýsançly geljegimizdir!” diýip belläp geçýär. Dabarada çykyş edenler Ýeňiş baýramy barada giňişleýin gürrüň berdiler. Döwlet kitaphanasynyň baý gaznasyndan “Watançylygyň we mertligiň waspy“ atly kitap sergi hem gurnaldy. Parahat ýurdumyzda agzybir zähmet çekmek üçin giň mümkinçilikleri döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Şöhrat bolsun Watan …