“Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr” atly kitap sergisi gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň okalga zalynda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli “Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr” atly kitap sergi gurnaldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, 2026-njy ýyl “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrlan ýylymyzda Döwlet kitaphanasynyň okalga zalynda Seýrek neşirler bölümiň işgärleriniň gatnaşmaklarynda “Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergimizde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň saglyk baradaky kitaplary giňden ýaýbaňlandyryldy. “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur” atly kitabynda sporta uly baha berilýär we Gahryman Arkadagymyz bu ajaýyp kitabynda şeýle belläp  geçýär: “Häzirki zaman sporty sagdynlygyň hem-de ruhubelentligiň ýörelgeleriniň dünýäde giňden rowaçlandyrylmagyna ýardam edýär. Sport halklaryň dostlaşmagynyň ýoludyr diýip tekrarlaýaryn. Çünki biziň döwlet syýasatymyzyň  mazmunyndan gelip çykýan bu ýörelgeler sagdyn jemgyýetiň kemala gelmeginde çuňňur ähmiýete eýedir''. Gahryman Arkadagymyzyň şeýle ajaýyp kitaplary  biziň ýol-ýörelgämiz we gymmatly gollanmadyr.Ýurdumyzy sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurduna öwüren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň …

Metbugat gullugy