“Sport-saglygyň girewi”.
Türkmenistan döwletimiz bütin dünýäde halklaryň arasyndaky ähliumumy dost-doganlygy, parahatçylygy ösdürmegi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hasaplap, bu ugurda giň möçberli işleri alyp barýar. Köpçülikleýin bedenterbiýäni we sporty, olompiýa hereketlerini ösdürmek maksady bilen, milli maksatnamalar we toplumlaýyn özgertmeler durmuşa ornaşdyrylýar. Türkmeistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölümi tarapyndan “Sport-saglygyň girewi” atly kitap sergisi gurnaldy. Bu kitap sergide Gahryman Arkadagymyzyň sport baradaky ýazan kitaplary giňden sergilendi.
Halkymyzy döredijilikli zähmete ruhlandyrýan, raýatlarymyzyň sagdyn, ruhybelent, abadan durmuşda ýaşamagy üçin taýsyz tagallalar edýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Sport-saglygyň girewi”