Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Sungat – äleme nur-ýagty, medeniýet – adamzadyň bagty” atly döredijilik duşuşugy mynasybetli sergi guraldy.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli “Sungat – äleme nur-ýagty, medeniýet – adamzadyň bagty” atly döredijilik duşuşugy mynasybetli sergi guraldy. Döwlet kitaphanasynyň girelgesinde myhmanlary duz-çörek we aýdym-saz bilen garşylandy. Döwlet kitaphanasynyň gaznasynda bolan dürli neşirlerden, gollanmalardan we disklerdan şeýle-de sungtynyň dürli görnüşlerinden guralan sergiler dabara gatnaşýan myhmanlarda uly täsir galdyrdy.
Baý milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän, Türkmeniň beýik ussady Magtymguly Pyraga uly sarpa goýýan Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Sungat – äleme …