Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Sungat bölüminiň işgärleri tarapyndan taýýarlanan “Sungat äleminde” atly tapgyr boýunça usuly gollanmalara we bölüme täze gelen neşirlere syn
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminde Türkmenistanyň belli-belli sungat ussatlary barada, suratkeşler, kompozitorlar, kino aktýorlardyr-režissiýorlar, teatr artistlary, tele-radio ýaýlymlarynyň halypa diktorlary barada kitaphananyň kitapdyr-gazet žurnal hazynasyndaky bar bolan ähli maglumaty bir ýere jemläp “Sungat äleminde” atly tapgyr boýunça, ýörite usuly gollanmalary taýýarlamak işi alnyp barylýar. Bu gollanmalar bolsa okyjynyň wagtyny köp sarp etmezden özüne zerur bolan maglumatlary alyp bilmekligine uly ýardam berýär. Olarda medeniýet we sungat ussatlarynyň ömri döredijiligini açyp görkezýän täsirli maglumatlar, olar baradaky kärdeşleriniň, şägirtleriniň ýatlamalary, şeýle hem sungat bölüminiň golasty hazynasynda saklanýan, ussat kompozitorlarmyzyň döreden sazlarynyň nota neşirleriniň we ses ýazgylarynyň sanawy ýerleşdirilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň guramagynda bölümiň işgärleri tarapyndan taýýarlanan usuly gollanmalara kitaphana syny geçirildi.
Syna gatnaşan düzüjiler öz düzen gollanmalary barada, şeýle hem bölüme gelen neşirler barada giňişleýin gürrüň etdiler. Olar syna gatnaşan kitaphana işgärleriniň soraglaryna jogap berdiler.
Synyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Sungat äleminde” atly …