Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi “Ata Watan Bitarap” atly Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan döredijilik duşuşugyny geçirdi we baýramçylyga bagyşlap sergi gurnady.
Ajaýyp zamanamyzda arka atýan menzillermiziň her bir sepgidi barada aýratyn eser döredibermeli. Esasy bellemeli zat beýik zamanamyzyň ýyllarynyň atlarynyň ählisi ynsansöýüjilik ýörelgelerinden ugur alýar. Olaryň ählisi şu günümiziň bagtyýarlygyny, geljegimiziň nuranalygyny nazarlaýar. Bu bolsa halkymyzyň her bir işde ýagşy niýetleri kalba beslemek ýörelgesiniň dowam edýändiginiň guwandyryjy görkezijisidir.
Hut şonuň üçin-de Türkmenistanyň teklibi bilen tamamlanyp barýan ýylyň “Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi zeminiň häzirki we geljekki nesilleriniň abadan durmuşunyň hatyrasyna ähli ýurtlary birek-biregiň ýüregini diňlemeklige, dialoga çagyryş bar.
Ähli arzuwlaryň hasyly “Parahatçylyk” atly sözüň içinde ýerleşýär. “Ynanyşmak” sözünde ynsanlary birek-birege ýakynlaşdyrmak bar. Bu söz zeminiň ýüzünde asudalygyň, durnuklulygyň ygtybarly geljegini aňladýar.
Hut şu nukdaýnazardan Sungat bölümi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlap “Ata Watan Bitarap” atly döredijilik duşuşygyny geçirdi we “Ata Watan Türkmenistan Bitarap” atly sergi gurnady.
Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramynyň toýlanýan günlerinde hormatly Prezidentimiz şu ýylyň jemlenmegi bilen bagly “Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly” atly täze kitabyny türkmen halkymyza sowgat etdi.
Ýurdumyzda gazanylýan beýik üstünlikleriň, taryhy ösüşleriň ruhlandyryjysy bolan Milli Liderimize, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza buýsanjymyz egsilmezdir. Watanmyzy täzeden- täze rowaçlyklara tarap öňe sary alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, başlary dik, ömürleri uzak bolsun!
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Sungat bölümi “Ata …