Sungat bölümi bölüme gelen täze kitaplardan kitaphana syn

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölümi bölüme gelen täze kitaplardan kitaphana syny geçirildi.

          Kitaphana synynda çykyş edenler  Türkmenistanyň halk artisti Sabyr Ataýewanyň durmuş we zähmet ýoluna bagyşlanan “Kalpda galan keşpler” atly gollanmasyna, Türkmenistanyň halk artisti Oguljahan Mämikowanyň doglan gününiň 95 ýyllygyna bagyşlanan “Mikrofon maňa köp zat berdi” atly gollanmasyna, Türkmenistanyň halk artisti Hommat Müllügiň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlanan “Hommat Müllük: kino we teatr syngatynyň ussady” atly gollanmasyna, Türkmenistanyň halk artisti Baýrammyrat Kerimowyň ömri we döredijiligine bagyşlanan “Nusgalyk keşpleri döreden ussat” atly gollanmasyndan giňişleýin gürrüň etdiler. Kitaphana synynyň dowamynda bu gollanmalardan okyjylar, kitaphanaçylar bilen sorag-jogap alyşdylar.

     Kitaphana synynyň ahyrynda çykyş edenler halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden buýsançlaryny beýan etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Sungat bölümi bölüme …

Metbugat gullugy