 
                            Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Kitaphana – rowaçlyklara badalga” atly kitaphana gurnagynyň “BEKU notalary ýüklemegiň aýratynlyklary” atly sapagy geçirildi. GurnagaTürkmen Döwlet Medeniýet institutynyň “Kitaphanaçylyk” fakultetiniň talyplary gatnaşdylar.
Gurnaga gatnaşýan talyplara umumy sapaklarynda öwrenenlerini amallaşdyrmak maksady bilen Sungat bölüminiň işgärleri tarapyndan bölümiň aýratynlyklaryny göz öňünde tutup, BEKU nota neşirleriniň ýüklenişiniň aýratynlyklary düşündirildi, sergileriň guralyşy, bölümde ýazylýan gollanmalaryň aýratynlyklary, olardaky edebiýatlara bibliografik ýazgylaryň ýazylyşy iş tejribesinde görkezildi, bölümde bar bolan türkmen kompozitorlarynyň sazlary tehniki enjamlarda diňledildi. Şondan soň talyplar bölümiň gaznasyndaky türkmen sungatyny, taryhy-medeni gymmatlyklarmyzy beýan edýän eserlerden sergi gurnamaklyk boýunça bäsleşdiler.
Türkmen taryhy, medeniýeti we olardaky täzelikleri bilen gyzyklanýan ýaş alymlara kömek bermek maksady bilen döredilen “Medeni ösüşiň yzlaryny yzlap” (ýaş alymlar üçin kömekçi kartoteka) atly kartoteka bilen talyplar içgin gyzyklandylar.
Gurnaga gatnaşýan gelejekde kitaphanaçy bolmaklygy arzuw eden talyplar bu gezekki sapakda bölümiň işgärleriniň her bir görkezen işini dykgat bilen diňlediler. Bäsleşen pursatlary umumy sapaklarynda öwrenenlerini iş ýüzünde amal etmekligiň endiklerini görkezdiler.
Gurnaga gatnaşan talyplar we Döwlet kitaphanasynyň işgärleri okamaga, öwrenmäge we işlemäge giň mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlary aýtdylar. Goý Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Sungat bölüminde “BEKU …