Sungat bölüminiň guramagynda “Türkmen kalby - Bitaraplyk” atly tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň guramagynda “Türkmen kalby - Bitaraplyk” atly tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik geçirildi.

             Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň işgärleri  “Türkmen kalby - Bitaraplyk” atly tegelek stolyň başynda söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlige Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty Hatyja Mustakowa, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mugallymy Mamajan Seýilowa şeýle-de  Sungat bölüminiň bölümçe müdiri Altyn Bäşimowa gatnaşdylar.

          Çykyşlarda halkymyzyň asyrlar boýy hemra edinen asylly ýörelgelerini mynasyp dowam etdirip, daşary syýasatynda oňyn Bitaraplyk ýoluny saýlap alan Türkmenistan döwletimiziň  her bir gününiň taryhy wakalara, uly ösüşlere beslenýändigi, 2025–nji Halkara Parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzda hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýäde ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagynyň bolsa 80 ýyllygynyň bellenilmeginiň  şanly ýylymyzyň ähmiýetini has-da artdyrýandygy uly buýsanç bilen bellenildi.

         Türkmenistan ýurtlaryňdyr halklaryň arasynda parahatçylygy, ynanyşmagy berkitmäge çagyryşyň hemişe dogrudygyny tassyklap, onuň halkara gatnaşyklaryň tejribesinde üýtgewsiz ulanylmaga degişlidiginiň tarapdary bolup çykyş edýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz öz şahyrana setirlerinde parahatçylygyň geljege iň mukaddes mirasdygyny, tämiz niýetiň, ýagşy päliň dünýäniň gudratydygyny beýan edýär.

         Söhbetdeşligiň ahyrynda söhbetdeşlige gatnaşanlar eziz Diýarymyzda  gazanylýan beýik üstünlikleriň, taryhy ösüşleriň ruhlandyryjysy bolan Milli Liderimize, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Watanymyzy täzeden-täze rowaçlyklara tarap öňe sary alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly  işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

 

                                          

                                                                                                             17.11.2025.ý.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Sungat bölüminiň guramagynda …

Metbugat gullugy