Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat we Hyzmat ediş bölümleriniň bilelikde guramagynda “Bitaraplyk - dünýäniň parahatçylyk aýdymy” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat we Hyzmat ediş bölümleriniň bilelikde guramagynda “Bitaraplyk - dünýäniň parahatçylyk aýdymy” atly söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmeniň milli Lideri, Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň il-ýurt bähbitli alyp barýan işlerinden, “Medeniýet hakynda”, “Kitaphanalar we kitaphana işi hakynda” Türkmenistanyň Kanunlaryndan, Türkmenistanyň Prezidentiniň üstümizdäki ýylyň ilkinji günlerinde gol çeken “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025 — 2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” tassyklamak hakyndaky Kararyndan, Döwlet kitaphanasynyň we Sungat bölüminiň wezipe gözükdirijilerinden ugur alyp, Döwlet kitaphanasynda medeni-köpçülik çäreleri, Watanymyzyň rowaçlyklaryny giň okyjylar köpçüligine wagyz edýän döredijilik duşuşyklary, söhbetdeşlikleri, sergileri, kitaphana synlaryny geçirmek bilen birlikde okyjylary kitaphana çekmekde birnäçe işleri ýerine ýetirdiler.
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplylygynyň 30 ýyllyk baýramynyň hem-de Birleşen Milletler guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllyk şanly senesiniň utgaşykly gelmegi bu döwletli ýylymyzyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Ata-babalarymyzdan miras galan döwletlilik ýörelgesi parahatçylygyň we ynanyşmagyň nusgasy hökmünde bütin dünýä, älem-jahana ýaýraýar. Parahatçylyk, asudalyk elmydama halkymyzyň isleg arzuwy. Bitaraplyk syýasatymyzyň düýp özeninde-de şu ýörelgeler durandyr.
Söhbetdeşligiň ahyrynda söhbetdeşlige gatnaşanlar eziz Diýarymyzda gazanylýan beýik üstünlikleriň, taryhy ösüşleriň ruhlandyryjysy bolan Milli Liderimize, peder ýoluny mynasyp dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar. Watanymyzy täzeden-täze rowaçlyklara tarap öňe sary alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag bolmagyny, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
19.11.2025.ý.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Sungat we Hyzmat …