Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar bölüminde “Suw damjasy – altyn dänesi” ady bilen sergi gurnaldy.
Döwlet kitaphanada ýurdumyzda her ýylyň aprel aýynyň birinji ýekşenbesinde bellenip geçilýän “Suw damjasy altyn dänesi” baýramçylygy mynasybetli sergi gurnaldy. Bu sergide ýurdumyzyň suw hojalygyna degişli alymlaryň, ýazyjy – şahyrlaryň eserleri şeýle-de bu ugurda zähmet çekýän hünärmenleriň döwürleýin neşirlerde çap bolan makalalary, ýurdumyzda belli bolan Türkmen Köli şeýle hem “Awaza” Milli syýahatçylyk zolagy hakynda kitaplar we gazet-žurnal makalalary goýuldy. Şeýle hem “Suw damjasy altyn dänesi” atly guralan bu sergide daşary ýurt dillerinde terjime edilen neşirler ýerleşdirildi.
Durmuşyň ähli ugurlarynda okgunly ösüşe beslenen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halky abadançylygyň girewi, bolelin durmuşyň çeşmesi hökmünde suwa aýratyn sarpa goýýar we aýawly çemeleşýär, şonuň üçin hem oňa aýratyn many berip, “Suw damjasy altyn dänesi” baýramyna uly ähmiýet berýär. Suw ynsanyň durmuşynda diňe bir ýaşaýşyň gözbaşy bolman, eýsem, ol ýaşaýyş diýen düşünjäniň gös-göni özi bolup durýar. Suw bilen bagly şeýle dünýägaraýyşda ýaşaýan türkmen halky suwa uly sarpa goýýar. Ilata agyz suwy bilen üpjün etmek döwletimiziň ileri tutulýan wezipeleriniň hatarynda durýar. Bu ugurda birnäçe uly taslamalar durmuşa geçirildi, paýtagtymyzda we welaýatlarda iň täze suw arassalaýjy desgalar guruldy, her bir etrapda we obada häzirki zaman desgalary we suw çeşmeleri peýda bolup, ilata arassa agyz suwy bilen üpjün etmek boýunça uly işler amala aşyrylýar.
Bu sergi okyjylarymyzda uly täsir galdyrdy.
Şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, tutýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Suw damjasy – …