“Şygryýet äleminiň öçmez çyragy” atly kitap sergi gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan “Şygryýet äleminiň öçmez çyragy” atly kitap sergi gurnaldy.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe 2026-njy ýyly “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany” diýip atlandyrylýan ýylymyzda gymmatly edebi mirasyny öwrenmeklige uly mümkinçilikler döredilýär.. Bu günki günde ösüp gelýän ýaş nesillere taryhymyzy-edebi mirasymyzy öwrenmäge ähli şertler döredilýär. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet kitaphanasynyň Seýrek neşirler bölümi tarapyndan  bölümiň okalga zalynda “Şygryýet äleminiň öçmez çyragy” atly kitap sergisi gurnaldy. Sergimizde Seýrek neşirler bölüminde bar bolan gadymy kitaplaryň sergisi we gaznamyza täze gelen kitaplaryň sergisi gurnaldy. Sergä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir. 

 Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler. 

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Şygryýet äleminiň öçmez …

Metbugat gullugy