Talyp ýaşlar bilen gurnalan okuw sapagy

Image description

Talyp ýaşlar bilen gurnalan okuw sapagy.

       Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Ylmy habar beriş we sowal-jogap bölümi “Türkmenistanyň  kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025-2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan” ugur alyp, Türkmen Döwlet medeniýet institutynyň “Kitaphanaçylyk” fakultetiniň talyplarynyň gatnaşmagynda bölümde alnyp barylýan işler, okyja edilýän hyzmat we gözleg işiniň amala aşyrylşy dogrusynda okuw sapagyny gurnadylar. “Aşgabat” teleýaýlymynyň ýazgy etmeginde geçirilen okuw sapagynda kitaphana hünärmenleri ýurdumyzda ösüp gelýän ýaş nesli kitap okamaga çekmekde, kitaphana gelýän okyjylaryň isleg bildirýän kitaplaryny diňe bir katalog we kartotekalaryň üsti bilen däl, eýsem elektron katalogyň üsti bilen tapyp bermekde uly işleriň alnyp barylýandygy barada giňişleýin gürrüň berdiler we neşir önümlerinden gözlegiň edilişini görkezdiler. Söhbediniň soňunda Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny ynamly dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ähli ulgamlar bilen bir hatarda kitaphana ulgamyny ösdürmekde uly mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin alkyş sözlerini aýtdylar.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Talyp ýaşlar bilen …

Metbugat gullugy