“Tamdyr bereket çeşmesi” atly söhbetdeşlik geçirildi

Image description

“Tamdyr bereket çeşmesi” atly söhbetdeşlik geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet  merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminde halypa kitaphanaçylar bilen “Tamdyr bereket çeşmesi” atly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlikde türkmen maşgalasynda tamdyr çöreginiň tutýan orny, tamdyryň ýasalyşy we çörek ýapmak däbiniň nesilden – nesle geçişi  barada gürrüň edildi. Ene – mamalarymyz ýaşlara hamyr ýugurmagy, çöregiň ýüzüne dürtgüç bilen nagyş salmagy we tamdyra çörek ýapmagy öwretmek bilen, olara her döwüm çörege siňen zähmetiň gadryny bilmegi hem öwredipdirler. Tamdyryň berekedi hem yhlas bilen bişirilen çöregiň adamlary bir saçagyň başyna jemlemegindedir diýip, çykyş edenler söhbet etdiler we oňa gatnaşyjylar milli mirasymyzy gorap saklamaga we ony ýaş nesillere ýetirmäge berilýän goldaw üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, Watanymyzda milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak ugrunda alyp barýan beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Tamdyr bereket çeşmesi” …

Metbugat gullugy