Täze açyşlary äleme buşlar, Garaşsyz, Bitarap Berkarar Watan.

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň  Döwlet kitaphanasynda “Şanly Garaşsyzlyk – baky ýolumyz, ýollarymyzda garaşsyzlyk ýalkymy” atly baýramçylyk dabarasy geçirildi. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 34 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen baýramçylyk dabarasynyň çäginde  Biblografiýa bölümi  kitaphananyň baý gaznasyndan  “Täze açyşlary äleme buşlar, Garaşsyz, Bitarap Berkarar Watan” atly kitap sergi gurnady. Kitabyň gymmaty, kitap okamagyň aýratynlyklary we kitaphon nesillerimizi kemala getirmek meseleleri hem giňden wagyz edildi.  Bu sergi türkmen halkynyň taryhyny çuňňur öwrenmeklikde esasan hem ýaş nesillerimiziň ylym-bilim hem-de aň-düşünjesini ösdürmekde uly ýardam berýär.

Kitap sergisine gatnaşyjylar Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Täze açyşlary äleme …

Metbugat gullugy