Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli “Täze açyşlary äleme buşlar, Garaşsyz Bitarap Berkarar Watan!” ady bilen söhbetdeşlik geçirildi.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitaphanaara abonementi bölümi Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli “Täze açyşlary äleme buşlar, Garaşsyz Bitarap Berkarar Watan!” ady bilen söhbetdeşlik geçirdi.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan Watanymyz döwletlilik ýoly bilen öňe barýar. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ülkämiz syýasy, ykdysady we medeni ugurlarda uly üstünliklere ýetdi. Milli mirasymyzy, dilimizi, taryhy gymmatlyklarymyzy dikeltmek, olary geljekki nesillerimize ýetirmek üçin giň mümkinçilikler açyldy. Şu günki günde her bir türkmen raýaty üçin Garaşsyzlyk diňe bir taryhy sene, bolman, eýsem Watana bolan söýgüniň, agzybirligiň we beýik geljege bolan ynamyň nyşanydyr. Biziň borjumyz – bu beýik mukaddesligi gözümiziň göreji ýaly goramak we ýurdumyzyň mundan beýläk hem ösmegine öz goşandymyzy goşmakdyr. Şeýle mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, tutýan tutumly işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Täze açyşlary äleme …