Täze edebiýatlardan kitaphana syn

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümi kitaphana gelip gowşan täze edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.

         Kitaphana synynda çykyş edenler “Arap dili” atly umumy orta bilim berýän mekdepleriň X synpy üçin okuw kitaby bilen tanyşdyrdylar. Bu kitap Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödürlenilip 2025-nji ýylda Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan çap edilendigini hem-de kitapda mekdep okuwçylarynyň arap dilini çuňňur öwrenmegine täsir etjek gyzykly maglumatlar,türkmen - arap sözlüginiň ýerleşdirilendigini giňişleýin nygtadylar.Şeýle-de “Pars diliniň fonetikasy” atly ýokary okuw mekdepleri üçin niýetlenen okuw kitaby hakynda hem durup geçdiler.Kitapda pars edebi diliniň çekimli we çekimsiz fonemalaryndaky özboluşly aýratynlyklaryny öwretmek, fonetik birlikleriň, fonetik serişdeleriň şeýle hem ses üýtgemeleriniň tebigatyna akyl ýetirmeklerini gazanmak, pars orfografiýasyny giňden öwretýändigini beýan etdiler.

           Ýurdumyzda ýaş nesilleriň sazlaşykly ösüşi üçin ähli zerur şertler döredilýär. Olaryň döwrebap bilim almaklaryna, saýlap alan kärlerine eýe bolmaklaryna, ylmy işleri alyp barmaklaryna, aň-paýhas ösüşine, döredijilik başarnyklaryny durmuşa geçirmeklerine, sport bilen meşgullanmaklaryna uly ähmiýet berilýändigini uly buýsanç bilen .

          Kitaphana synynyň ahyrynda çykyş edenler  türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň,  hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny arzuw etdiler.

 

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Täze edebiýatlardan kitaphana …

Metbugat gullugy