Täze gelen edebiýatlara syn

Image description

Täze gelen edebiýatlara syn

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi tarapyndan “Täze gelen edebiýatlara  syn” ady bilen “Şahyr Hajymuhammet Kakalyýew (Doglan gününiň 75 ýyllygyna)”, “Alym, zenan arheolog Nurgözel Bäşimowa (Doglan gününiň 80 ýyllygy)” atly ýazylan bibliografiýa görkezijilerine syn geçirildi.

 Hormatly Prezidentimiziň şeýle hem, Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda ata Watanymyza uly ösüşleriň we özgerişleriň buşlugyny getiren “Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan – Bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda täze eýýamyň Galkynyşy döwri özüniň ajaýyp pursatlaryny bolluk bilen eçilýär. Her bir ulgamda bolşy ýaly, medeniýet-sungat ugurlarynda hem, täze badalgalar amala aşyrylýar. Döwlet kitaphanasynyň Bibliografiýa bölümi hem şöhratly, bagtyýar ýyllarymyzda ýurdumyzyň dürli ugurlarynda zähmet çekip, taryhda yz goýan şahsyýetleriň, ýazyjy-şahyrlaryň bibliografiýa görkezijilerini taýynlap okyjylara ýetirilýändigi hakynda aýdyldy.

Çykyşyň dowamynda ýazyjy-şahyrlaryň döredijiligini giňden öwrenmäge hem-de beýik şahsyýetleri dünýä ýaýmaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, il-ýurt bähbitli alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini kitaphana synyna gatnaşan işgärler arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Täze gelen edebiýatlara …

Metbugat gullugy