Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda 2025- nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan edilmegi bilen Parahatçylygyň bagtyýarlygyň mekany hökmünde at-owazasy äleme dolan ýurdumyzda her ýyly özboluşly, halkymyzyň milli aýratynlygyna, ruhy dünýäsine laýyk, döwrebap şygyr bilen atlandyrmak indi asylly däbe öwrüldi. Şunuň bilen baglylykda bu günki günde ösüp gelýän ýaş nesilere edebi mirasymyzy öwrenmäge ähli şertler döredilýär. Şol mynasybetli seýrek neşir bölümine täze gelen kitaplara kitaphana syny geçirildi. Seýrek neşirler bölüminiň okalga zalynda täze gelen kitaplaraň sergisi hem gurnaldy. Türkmen halky öz taryhy ösüşiniň bütin dowamynda ruhy gymmatlyklaryna hemişe uly gadyr goýup, ona aýratyn ähmiýet berip gelipdir. Asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan ýol-ýörelgeleri, däp-dessurlary, täzeden dikeltmeklige, medeni we ruhy mirasyň il-günüň köňül ganatyna öwrülmegine giň mümkinçilik döredip beren türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan döwletli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýüregimizden arzuw edýäris.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Täze gelen kitaplar” …