"Täze gelen kitaplar" kitaphana syny

Image description

Kitaphanaçylar dilçi alym, žurnalist, magarfçy Ejegyz Çaryýewanyň “ ХIV–ХV asyr türkmen şahyry Möwlana Lutfynyň eserleriniň dili” atly kitaby bilen tanyş boldular. Awtoryň  köpýyllyk ylmy-barlag işiniň netijesi bolan bu kitapda şahyryň döredijiliginiň ХIV–ХV asyr türkmen diliniň aýratynlyklaryny, onda ýüze çykan dil hadysalarynyň her biri beýleki gadymy ýazuw ýadygärlikleriniň dili, häzirki zaman türkmen dili, nusgawy şahyrlarymyzyň hem-de halk döredijiliginiň dili, türkmen diliniň janly dialektleri bilen deňeşdirilip, olaryň ösüş-özgeriş yoly yzarlanylýandygy barada beýan etdiler. Şeýle-de Ejegyz Çaryýewanyň

“Paýhas çeşmesi – il-gün onuň teşnesi”. (Ylmy- köpçülikleýin makalalar.1-nji kitap) atly kitaby bilen  hem tanyş boldular. Kitapda her bir adama durmuşyň islendik meselesi babatda dogry ýol görkezýän şamçyrag bolup hyzmat  edýän nakyllardyr atalar sözleriniň birnäçesiniň döreýşi, gelip çykyşy, ulanylýan ýerleri, olaryň düzümindäki  käbir  gadymy  sözleriň manysy barada söz açylýandygyny belläp geçdiler. Kitapdan nakylardyr atalar sözüniň döreýşi bilen baglanyşyly gyzykly rowaýatlardyr tymsallardan okap berdiler.

     Kitaphana synyna gatnaşyjylar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň medeni  mirasyny öwrenmek  hem-de ýaýratmak ugrunda ägrit uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini beýan etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: "Täze gelen kitaplar" …

Metbugat gullugy