Kitaphana synynda çykyş edenler Döwrangeldi Agalyýewiň Döwlet kitaphanasyna sowgat beren, 2025-nji ýylda çap edilen ”Bitaraplyk bagty”atly kitaby bilen tanyşdyrdylar. Bu kitapda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Bitaraplygymyza bagyşlap ýazan we metbugatda çap edilen makalalarynyň, her bir bendi hemişelik Bitaraplygymyza buýsançdan, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşdan pürepür şygyrlarynyň hem birnaçesiniň girizilendigini beýan etdiler. Olary okan okyjylar Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň oýlanyşykly syýasaty netijesinde türkmen Bitaraplygynyň halkara giňişliginde ýylsaýyn şöhratlanyşyna, döwletimiziň we halkymyzyň bütindünýä abraýynyň barha belende galşyna has aýdyň göz ýetirerler diýip, buýsanç bilen belläp geçdiler.
Kitaphana synynda çykyş edenler Watan, il-halk üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli tutumlarynyň elmydama rowaç bolmagyny arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Täze gelen neşirlere …