Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Neşirleri toplaýyş bölümine we kitaphana täze gelip gowşan edebiýatlardan kitaphana syny geçirildi.
Kitaphana synynda çykyş edenler alym, lukman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň Dermanlyk ösümlikleri, onkologiýada fitoterapiýa” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eseriniň ХVIII jildi bilen tanyşdyrdylar. “Türkmenistanyň Dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik işiniň nobatdaky jildi, ozalkylarda bolşy ýaly, “Dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy” we “Maglumatnama” diýen iki bölümden ybaratdygyny, kitabyň baplarynda gymmatly, şypaly topragymyzyň dag-düzlerinde bitýän dermanlyk ösümlikleriň bejeriş aýratynlyklary barada doly we düýpli maglumatlar berilýändigini beýan etdiler. Ýerli dermanlyk otlaryň onlarça görnüşiniň, ösümlikleriň köküniň, miwesiniň, endemik ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri giňişleýin beýan edilýän bu düýpli ylmy iş lukmançylyk ylmyna uly goşant boljakdygyny buýsanç bilen belläp geçdiler.
Kitaphana synyna gatnaşyjylar “Il saglygy – ýurt baýlygy” diýip, halkyň saglygy hakyndaky aladany döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň birine öwren Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Täze gelip gowşan …