“ Täze ýylda täze ýeňiş ýar bolsun! ”
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda “Täze ýylda täze ýeňiş ýar bolsun!” ady bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi. Dabara gatnaşanlar tamamlanyp barýan ýylymyzda ýetilen sepgitler, gazanylan üstünlikler dogrusynda çykyş etdiler. Eziz Diýarymyzda halkymyz her bir ýyly uly umyt-arzuwlar bilen garşy alýar. Ýetip gelen 2026-njy ýyly” Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan-bedew batly at-myradyň mekany “ diýlip atlandyrylmagy döwletimiz üçin belent sepgitleriň, örän uly taryhy ösüşleriň ýyly boljakdygyna ynanýarys diýip bellediler. Watanymyzy täzeden-täze rowaçlyklara tarap öňe sary alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, tutýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “ Täze ýylda …