Tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik

Image description

     Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda,Döwlet kitaphanasy, Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy hem-de Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamy, “Altyn asyr” teleýaýlymy bilen bilelikde tegelek stoluň başynda söhbetdeşlik geçirildi..

    Söhbetdeşlikde çykyş edenler: Biziň ýaş nesillermiziň iň bagtyýar nesillerdigini,olaryň döwlet tarapyndan uly mähir bilen gurşalýandygyny nygtamak bilen, golaýda “Arkadag” futbol toparynyň ýeňşine bagyşlanyp berlen pul sowgadynyň  olaryň haýyşy boýunça Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň täze binasynyň gurluşygyna gönükdirilendigi baradaky hoş habara diýseň buýsanýadyklaryny özleriniň söhbetlerinde aýdyp geçdiler.

    Söhbetdeşligiň ahyrynda çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan beýik işleriniň mundan- buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden  arzuw etdiler!

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Tegelek stoluň başynda …

Metbugat gullugy