Tejribe okuw sapagy geçirildi

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Kitap saklamak bölümi, Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplary we ”Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen bilelikde “Kitap okan köp biler” atly tejribe okuw sapagy geçirildi.

 

       Ata Watanymyzda aň-bilim taýdan ösen, ruhy taýdan kämil, beden taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek, ýaşlara dünýä derejesinde bilim we döwrebap terbiýe bermek ilki bilen bilim işgärlerine soňra medeniýet işgärlerine kitaphanaçylara möhüm wezipe bolup durýar. Bilim, ylym, medeniýet adamzat üçin müdimi zerurlyk bolan gymmatlykdyr. Kitaphana gelen her bir okyjynyň talabyny kanagatlandyrmak, neşir önümlerine okamana bolan höwesini artdyrmak bolsa kitaphanaçylaryň baş wezipe borjydyr. Döwlet kitaphanamyzda “Kitap okan köp biler” ady bilen talyp ýaşlaryň arasynda tejribe okuw sapagy gurnaldy. Kitap saklamak bölüminiň işgärleri Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebiniň talyplaryna kitaphana barada, kitap saklamak bölüminde ýerleşen gaznamyz hakynda şeýle-de bölümde saklanýan neşir önümleriniň  nesilden-nesle geçer ýaly zyýansyzlandyrmak işini alyp baryşlaryny, çyglylyk derejesiniň gündelik hasaba alynşyny, tekçelerde goýulyş tertibini we bölümde ýerleşen kitap kartatekalarynyň düzgünleri barada tejribe okuw sapagynda giňişleýin gürrüň berdiler.

   Halkymyzyň milli medeniýetiniň ösdürilmegine giň mümkinçilikleri döredýän, ýaşlaryň dünýä derejesinde kämil bilim almagy ugrunda döwletli işleri alyp barýan   Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny  tüýs ýürekden arzuw etýäris.

 

                                                                                                                                    13.11.2025ý.

 

                                                    

Maglumatlar şu salgydan alyndy: Tejribe okuw sapagy …

Metbugat gullugy