“Türkmen alabaýy – Watanymyzyň buýsanjy” ady bilen göçme kitap sergisi gurnaldy

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölümi  S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Türkmen alabaýy – Watanymyzyň buýsanjy” ady bilen göçme kitap sergisini gurnady.

   Bu göçme kitap sergisinde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň nusgalyk eserleri  ýerleşdirildi. Mundan başga-da türkmen alabaýlary bilen bagly edebiýatlar hem ýerleşdirildi.                                                       

    Göçme kitap sergisini görmäge gelen okyjylar üçin bu ajaýyp edebiýatlary görmäge, öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp  bagtyýar durmuşda  ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmen alabaýy – …

Metbugat gullugy