Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Oba hojalyk edebiýatlary bölüminiň işgärleri we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymlarydyr talyplary “Türkmen alabaýy - wepalylygyň nusgasy” ady bilen söhbetdeşlik geçirdiler.
Bu söhbetdeşlikde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan syýasaty, türkmeniň milli buýsanjy bolan türkmen alabaýlaryny saklamak, ösdürip ýetişdirmeklik barada gürrüň etdiler.
Milli mirasymyzy, türkmen alabaýlaryny öwrenmäge giň mümkinçilikler döredildi. Şular ýaly ajaýyp bagtyýar durmuşda ýaşadýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il-gün bähbitli, ýurt ähmiýetli beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmen alabaýy - …