“Türkmen arheologlarynyň tapyndylaryna bagyşlanan edebiýatlara” kitaphana syny

Image description

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň guramagynda “Türkmen  arheologlarynyň tapyndylaryna  bagyşlanan edebiýatlara” kitaphana syny geçirildi

 Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Sungat bölüminiň guramagynda “Türkmen  arheologlarynyň tapyndylaryna  bagyşlanan edebiýatlara” kitaphana syny geçirildi.

Özüniň milli medeni, edebi we taryhy gymmatlyklary bilen umumadamzat medeniýetiniň ösmegine saldamly goşant goşan türkmen halkynyň geçmiş taryhyny dikeltmek we dünýä ýaýmak Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.

Ata-babalarmyzdan miras galan taryhy-medeni gymmatlyklarmyzy goramak, olary ylmy esasda öwrenmek we rejeläp, nesiller üçin asyl durkunda saklamak döwlet ähmiýetli işleriň hatarynda durýar. Köne Nusaý, gadymy Könürgenç, Gadymy Merw ýadygärlikler toplumlarynyň özboluşly, gaýtalanmajak medeni merkezler hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilip, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi buýsançly başymyzy göge ýetirýär. Halkymyzyň şöhratly geçmişiniň şaýady bolan şeýle ýadygärlikler ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde-de uly ähmiýete eýedir.

Diýarymyzyň çar künjegindäki taryhy ýerler dünýä alymlarynyň, taryhçylarynyň üns merkezinde. Ömrüni şu topragyň taryhyny öwrenmeklige bagyşlan alymlaryň hatarynda Mihail Ýewgenýewiç Massonyň, onuň ogly Wadim Mihaýlowiç Massonyň, Wiktor Iwanowiç Sarianidiniň atlary halkymyza ýakyndan tanyşdyr. Olaryň gadymy Merwiň, Änewiň, Nusaýyň, Altyndepäniň syrlaryny dünýä ýaýmakdaky hyzmatlary uludyr.

 Synyň ahyrynda baý milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň çuňňur öwrenilmegi, dünýäde wagyz edilmegi babatda taýsyz tagallalar edýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň, Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagy, tutýan tutumly  işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Maglumatlar şu salgydan alyndy: “Türkmen arheologlarynyň tapyndylaryna …

Metbugat gullugy