Döwlet kitaphanasyna gezelenç.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 1-nji ýyl talyplary gezelençde boldylar. Döwlet kitaphanasynyň Hyzmat ediş bölüminiň işgärleri talyplar bilen gezelenç gurnap "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew batly at-myradyň mekany" diýip atlandyrylan ýylymyzyň toýly başlangyçlarynda kitaphanamyza gelip gowşan täze kitaplardan sergilenen sergiler bilen tanyşdylar. Sergide sergilenen kitaplardan ruhlanyp, talyp ýaşlarymyz gelejekde bilimlerini has-da kämilleşdirmäge, özleriniň dünýagaraýyşlaryny giňeltmäge mümkinçilik tapdylar. Ýaşlarda ylym-bilime, kitaba bolan gyzyklanmalarynyň ýüze çykmagy, bilim alýan ugurlarynda has-da ýokary sepgitlere ýetmekleri üçin döredilýän mümkinçilikler bu günki gün öz oňaýly netijelerini berýär. Talyp ýaşlarymyzyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserlerini üç dilde suwara okap bilmekleri türkmen halkynyň ösüşleriniň dowamly boljakdygynyň aýdyň subutnamasydyr.Gezelenje gatnaşan talyplar özlerine döredilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikler üçin uly aladalar etýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk …