Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky çagalar Döwlet kitaphanasy, Türkmen döwlet Gurjak teatry bilen bilelikde gurnamagynda “Dünýä dolsun çagalaryň gülküsi!” atly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Döredijilik duşuşygynda çykyş eden çagalar edebiýatynyň şahyrlary Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe,biziň şu günki bagtyýar ýaş nesillerimiz,olar hakynda döwlet derejesinde edilýän atalyk aladalar hakynda giňişleýin söhbet etmek bilen ýazyjy-şahyrlar özleriniň çagalara bagyşlap ýazan täze goşgularyny okadylar. Döredijilik duşuşygynyň çäklerinde Türkmen döwlet Gurjak teatrynyň ýaşajyk artistleri şahyrlaryň goşgularyndan sahnalary ýerine ýetirdiler. Mekdep okuwçylary bolsa çagalar üçin ýazylan dürli goşgulary labyzly okadylar.
Döredijilik duşuşygynyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar türkmen edebiýatyna we sungatyna uly sarpa goýýan türkmen halkymyzyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarmyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, beýik işleriniň mundan-buýana hem rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmen döwlet Gurjak …