Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplary gezelençde boldylar.
Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyndan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmak maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynyň Patent-tehniki edebiýatlar bölümi Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyplary we mugallymlary gezelençde boldylar, hem-de olar kitaphananyň ähli bölümlerinde alnyp barylýan döwrebap işler bilen tanyşdylar we özlerine gyzyklandyrýan soraglara jogap tapdylar. Bu günki gün Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamyny ösdürmek,okatmagyň usulýetini kämilleşdirmek, sanly bilim ulgamyny ornaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar.
Kitaphana gezelenjiniň ahyrynda talyp, ýaşlarymyz Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, il bähbitli,döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmen döwlet maliýe …