 
                            Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna, Türkmen Döwlet Medeniýet Institutynyň 2-nji ýyl talyplary gezelençde boldular. Bu talyplaryý Döwlet kitaphananyň Hyzmat ediş bölüminiň işgärleri bilen gezelenç gurap, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň eserleri we ondan daşary akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragymyzyň dürdäne eserlerini synlamak bilen çäklenmän özlerini gyzyklandyrýan soraglaryna jogap tapdylar. Hormatly Prezidentimiziň ýaş hünärmenler üçin döredip berýän giň mümkinçiliklerinden ugur alyp, ýaşlarda ylym-bilime, kitaba bolan gyzyklanmalarynyň ýüze çykmagy esasynda öz bilim alýan ugurlarynda has-da ýokary sepgitlere ýetýärler. Sergide sergilenen kitaplardan ruhlanyp talyp ýaşlarymyz gelejekde bilimlerini has-da kämilleşdirmäge, özleriniň dünýagaraýyşlaryny giňeltmäge mümkinçilik tapdylar.
Gezelenje gatnaşan talyplar halkymyzyň ruhy gymmatlyklaryna uly sarpa goýup, olary dünýä ýaýmakda nusgalyk işleri alyp barýan türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmen Döwlet Medeniýet …