Türkmen döwlet medeniýet institutynyň talyplary Döwlet kitaphanasynda gezelençde boldylar.
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Türkmen döwlet medeniýet institutynyň 1-nji ýyl talyplary kitaphananyň bölümleri we iş aýratynlyklary bilen tanyş boldylar. Ýaş nesillerimiziň kitaba bolan söýgüsini ösdürip, olara kitaphanamyzyň alyp barýan döwrebap işleri bilen tanyşdyrmakda kitaphana işgärleri giňişleýin maglumatlar berdiler. Gezelençde bolan talyplar kitap bilen dostlaşmagyň beýik geljege ýol açýandygyna göz ýetirdiler. Uly ynamdan, söýgüden ruhlanýan bagtyýar talyplar belent sepgitlere ýetmegi, ata Watanymyzyň dünýä ýüzündäki at-abraýyny ýokary derejelere götermegi öz öňlerinde borç edinip goýýandyklaryny buýsanç bilen bellediler. Talyp ýaşlar gezelenjiň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň okamagy- öwrenmegi, bagtyýar durmuşy hakynda uly işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözlerini aýtdylar.
Maglumatlar şu salgydan alyndy: Türkmen döwlet medeniýet …